Türkmen uniwersiteti biologiýa boýunça halkara internet olimpiada gatnaşmaga çagyrýar

17:1530.11.2022
0
37718

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 7-nji dekabrda geçiriljek Halkara internet biologiýa olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Internet olimpiadasynyň geçirilişi barada jikme-jik maglumatlary uniwersitetiň resmi web tdlu.edu.tm sahypasynda «Olimpiada-2022» bölüminde tapyp bilersiňiz.

Gatnaşmak üçin hasaba alyş 3-nji dekabra çenli (18: 00-a çenli) dowam edýär.

Olimpiada dürli ýurtlardan gelen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem ylmy maglumatlaryň özara peýdaly alyş-çalşygyny, häzirki zaman ylmynyň nazary we amaly meselelerini öwrenmäge mümkinçilik döreder.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+99312) 48-99-62, (+993) 63-11-64-46;
  • E-poçta: tdlu.olimpiada@gmail.com

Ozal Türkmenistanda ekologiýa we biologiýa boýunça halkara olimpiadalaryň geçiriljekdigi barada habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň