Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine SMS habarnamalaryny ibermek arkaly raýatlara güýz-gyş ýyladyş möwsüminde elektrik-gaz enjamlaryny dogry ulanmagyň zerurdygyny ýatlatdy.
Habarda ýangyn howply enjamlary ulanmagyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi we öýden ýa-da iş ýerinden gitmezden ozal elektrik-gaz enjamlaryny öçürmelidigi ýatladylýar.
Şeýle hem Içeri işler ministrligi we onuň gol astyndaky gurluşlar raýatlara SMS habarnamalary arkaly möwsüm çalşygy döwründe howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygy barada yzygiderli ýatladyp durýar.