Soňky habarlar

Arhiw

«SOCAR» Türkmenistanyň nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak isleýär

13:1230.11.2022
0
16406
«SOCAR» Türkmenistanyň nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak isleýär
Surat: media.az

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary saparyň çäklerinde Azerbaýjanyň iri nebitgaz kompaniýasy bolan «SOCAR»-yň prezidenti Rowşan Najaf bilen duşuşyk geçirdiler.

Azerbaýjan metbugatynda habar berilişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda ýola goýlan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda nebitgaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, «SOCAR» bilen «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy kanagatlanma bilen bellenildi. Taraplar ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijesinde, çig nebiti gaýtadan işlemek, söwda, ulag we beýleki ugurlarda baý tejribe toplanylandygyny bellediler.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bar bolan we geljekki mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bilelikdäki hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda giňeltmek boýunça netijeli hereketleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy.

Habar berşimiz ýaly, düýn Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuda saparda bolýan türkmen wekiliýetini kabul etdi. Şeýle-de şol gün Türkmen-azerbaýjan bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň