Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: möwsümiň ahyrky derbisi «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlandy

23:5629.11.2022
0
14052

Düýn Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda Ýokary liganyň şu möwsümindäki iň soňky Mary derbisi geçirildi. Duşuşykda «Merw» «Energetigi» 4:2 hasabynda ýeňdi.

Möwsümdäki 12-nji ýeňşini gazanan «Merwiň» gollarynyň üçüsini 15-nji, 36-njy (11 m.j.u.) we 72-nji minutlarda Alibek Abdyrahmanow geçirdi. Şeýlelikde, tejribeli futbolçy möwsümdäki gollarynyň sanyny 20-ä tegeläp, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi. «Merwiň» ýene pökgüsini bolsa 22-nji minutda Orazberdi Myradow geçirdi.

«Energetigiň» ilkinji goluna «Merwiň» goragçysy Begenç Alamow sebäp boldy. Ol dartgynly oýun pursadynda öz derwezesine pökgi geçirdi. Myhman toparyň ikinji pökgüsini 61-nji minutda Ruslan Priýew geçirdi.

Dartgynly geçen duşuşykda baş emin Ruslan Mämmedow «Merwden» bir, «Energetikden» iki futbolça sary duýduryş kartyny görkezdi.

Bu ýeňişden soň «Merw» utugyny 39-a çykaryp, üçünji orundaky ýerini gorady. Tapgyrda «Köpetdagyň» hem utuk ýitirmegi bilen (bu barada aýratyn habarda görkezeris), «Merw» dördünji orundaky bäsdeşi bilen aralygyny 7 utuga çenli açdy. 15 utukly «Energetik» bolsa ýedinji orunda galdy.

24-nji tapgyrda «Merw» 2-nji dekabr güni «Aşgabadyň» myhmany bolar. «Energetik» bolsa 3-nji dekabrda «Ahaly» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň