Soňky habarlar

Arhiw

Bakuda Türkmen-azerbaýjan bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

20:0029.11.2022
0
18348
Bakuda Türkmen-azerbaýjan bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
Surat: azernews.az

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Bakuda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara toparynyň egindeş başlygy — Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarow bilen duşuşdy diýip, «Azertag» habar berdi.

— Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belledik we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin ýakyn gatnaşyklara ýol açýan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdyk – diýip, Mikaýil Jabbarow belledi.

Habar berlişi ýaly, şeýle-de şu gün Bakuwda ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

— Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar söwda, energetika, ulag, oba hojalygy hem-de beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge kömek etjekdigine ynanýarys – diýip, M.Jabbarow belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuda saparda bolýan türkmen wekiliýetini kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň