Azerbaýjan Türkmenistanyň Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak başlangyjyny goldar

18:1229.11.2022
0
19614

Azerbaýjan Respublikasy Gündogar — Günbatar hem-de Merkezi ugurlar boýunça taslamalaryň çäginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýakynda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy diýip, «Azernews» habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Ilham Aliýew ABŞ-nyň Azerbaýjandaky öňki ilçisi, Jeýmstaun gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy Metýu Braýzeniň Gündogar — Günbatar ýa-da Merkezi ugur boýunça, hususan-da energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky sowalyna şeýle jogap berdi:

— Häzirki wagtda hereket edýän energiýa geçirijiler Hazarýaka döwletleri has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam edýär. Azerbaýjan Türkmenistandan ugradylýan harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin möhüm köpri bolup hyzmat edýär. Şu maksat bilen, Azerbaýjanyň Alat portunda Türkmenistandan getirilen ýükler üçin aýratyn bölüm döredildi.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gazy eksport etmek boýunça SWOP şertnamasynyň hereket edýändigini ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjanda senagatyň ösüşi bilen baglanyşykly Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alynýan mukdaryny artdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle-de Ilham Aliýew eger-de Türkmenistan Hazarüsti turbageçirijisini gurmak kararyna gelse, bu başlangyjyň Azerbaýjan tarapyndan goldanyljakdygyny belledi. Aliýew bu barada:

— Hazarüsti gaz gaz geçirijisi ýaly taslamanyň başlangyjy üstaşyr geçirýän ýurtlar däl-de, tebigy gazyň çeşmesi bolan döwletler tarapyndan öňe sürülmeli – diýip belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär. Sammitiň dowamynda bäş sany üçtaraplaýyn resminama gol çekilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň