Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburgda «Transtec-2022» halkara forumy öz işine başlady

17:4129.11.2022
0
23037

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagtynda «Halkara ulag geçelgeleri ulgamynda logistika hereketiniň tehnologiýalary» ady bilen XVII «Transtec» halkara forum-sergisi öz işine başlady.

Bu çärelere Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki halkara hünärmenlerdir wekiller gatnaşýarlar.

«Transtec-2022»-iň ulag geçelgelerini, logistika we üstaşyr geçişini ösdürmäge gönükdirilen iň uly halkara forumdygyny bellemelidiris.

Üç günüň dowamynda Sankt-Peterburgdaky çäreleriň çäginde transport we logistika tehnologiýalarynyň ösüşi, üpjünçilik zynjyryny dolandyrmakdaky hyzmatlaryň hereketi, şeýle hem halkara, senagat, sebit we pudagara bazarlarda logistika kompaniýalarynyň arabaglanyşygy bilen baglanyşykly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Öňdebaryjy hünärmenler, dürli işewürlik pudaklaryndan kompaniýalaryň ýolbaşçylary hereket hyzmatlaryny ösdürmekde we innowasion logistika tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda öz tejribelerini paýlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň