Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda elektron enjamlary öndürýän täze kärhanalar gurlar

23:5031.05.2015
0
807
Türkmenistanda elektron enjamlary öndürýän täze kärhanalar gurlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde döwlet Baştutany her dürli maksatly elektron enjamlaryny öndürýän täze kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Bu pudakda iş alyp barmak üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine ünsi çekip, Prezident şu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Maksatnamanyň taslamasyna Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde garalar we ol tassyklanar.

Mälim bolşy ýaly, häzir Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we täze senagat pudaklaryny ösdürmek syýasaty alnyp barylýar.  

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň