Üçtaraplaýyn Awaza sammitinde bäş resminama gol çekiler

12:1429.11.2022
0
16675

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň Ankarada geçirilen duşuşygyndan soňky metbugat ýygnagynda mälim edildi.

Metbugat ýygnagynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu türkmen kärdeşi bilen geçirilen gepleşiklerde Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň Awazada geçiriljek duşuşygyna taýýarlyk barada pikir alyşmalaryň bolandygyny aýtdy. Şeýle hem üç ýurduň daşary işler ministrleriniň, energetika we ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirmek kararyna gelnendigini belledi. Şeýle hem Çawuşoglu Awazada geçiriljek bu üçtaraplaýyn sammitiň çäklerinde bäş sany resminama gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Mundan başga-da, metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň başynda Türkiýä saparynyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň