Malaýziýanyň Premýer-ministri tygşytlamak üçin kaşaň ulagdan ýüz öwürdi

12:0429.11.2022
0
16284
Malaýziýanyň Premýer-ministri tygşytlamak üçin kaşaň ulagdan ýüz öwürdi
Surat: 1gai.ru

Malaýziýanyň täze Premýer-ministri Anwar Ibragim «Mercedes S600» kysymly kaşaň gulluk awtoulagyndan tygşytlamak üçin ýüz öwürmek kararyna geldi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar. Ol muny öz işi üçin döwlet gaznasyna agram salmak islemeýändigi bilen düşündirdi. Hökümet başlygy gulluk işleri üçin diwanyň ygtyýarynda bolan başga ýeňil ulagyny peýdalanmakçy.

«Mercedes S600 kysymly gymmatbaha ulagdan ýüz öwürmek kararyna geldim. Men öz işimiň gazna goşmaça çykdajy getirmegini islämok. Bu awtoulagyň ýerine edaramyň ygtyýaryndaky islendik ulagdan peýdalanaryn» diýip, Anwar Ibragim aýtdy. Hökümet başlygy hökümetde ministrleriniň sanyny azalmakçydygyny, şeýle-de olaryň aýlyk haklaryny kemeltmekçidigini söz berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň