Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

10:5629.11.2022
0
13363
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Surat: toptrend.uz

Rosselhoznadzoryň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk welaýaty boýunça müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň welaýatlarynda öndürilen we arassalanan 1279,9 tonna goýun ýüňüniň 66 tapgyryny arassaçylyk barlagyndan geçirdiler diýip, rus weterinar gullugy habar berýär.

Habar berilmegine görä, eksportyň bu ýylky möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 68% köpdür. Ýatlap geçsek, geçen ýyl Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna 801,4 tonna ýüň eksport edipdi.

Şu ýylyň noýabr aýynda bolsa Rosselhoznadzoryň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk welaýaty boýunça müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistandan 8 tapgyrda sebite getirilen 158,6 tonna goýun ýüňüni barlagdan geçirdiler.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ulag serişdeleriniň, gözegçilikden geçirilýän ýüküň we weterinar gözükdiriji resminamalaryň Russiýa Federasiýasynyň weterinar talaplaryna laýyk gelýänligi kesgitlendi. Şeýlelikde, çig mal Rosselhoznadzor müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan «Merkuriý.SWH» ulgamynda №3 görnüşinde resmileşdirildi we «Argus» ulgamy arkaly hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň