Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda

10:3529.11.2022
0
11264
DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda
Surat: sueddeutsche.de

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, Portugaliýanyň we Braziliýanyň ýygyndylary hem wagtyndan öň pleý-of ýollanmasyna eýe çykdylar. Has takygy, «G» toparçada çykyş edýän Braziliýa Şweýasriýany Kazemironyň 83-nji minutda uran ýeke-täk goly bilen 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, utuklarynyň sanyny 6-a ýetirip, wagtyndan öň 1/8 final tapgyra adyny ýazdyrdy. Ikinji tapgyrdan soňra «G» toparçada Şweýsariýa 3 utuk bilen ikinji ýerde barýan bolsa, Kamerun 1 utuk bilen üçünji, Serbiýa bolsa edil şonça utuk bilen dördünji ýerde barýar.

Bu toparçada üçünji tapgyryň oýunlary 2-nji dekabrda 23:55-de başlanyp, olarda Kamerun Braziliýa bilen, Şweýsariýa bolsa Serbiýa bilen güýç synanyşar.

«H» toparçasynda çykyş edýän Portugaliýanyň ýygyndysy hem iki oýunda iki ýeňiş gazanyp, pleý-off meselesini üçünji tapgyra galdyrmazdan birýüli etdi. Portugaliýa ikinji tapgyrda Bruno Fernandeşiň dubly (54, 90+3 penalti) bilen Urugwaýy 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde bu ýeňişden soňra Portugaliýa 6 utuk bilen öz toparçasynda liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Urugwaýda 3 utuk bar bolsa, 1 utukdan toplan Koreýa Respublikasy we Gana 3-4-nji orunlary paýlaşyp durlar.

«H» kwartetinde üçünji tapgyryň oýunlary 2-nji dekabrda geçiriler. Şol gün Portugaliýa Koreýa Respublikasyna garşy meýdança çyksa, Urugwaý Gana bilen oýunda güýjüni terezä salar.

Şunlukda, ikinji tapgyrdan soňra üç ýygyndy — Fransiýa, Braziliýa we Portugaliýa pleý-off ýollanmasyna eýe çykdy. Iki ýurt — ýer eýesi Katar we Kanada bolsa wagtyndan öň indiki tapgyra çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

DÇ-2022-de şu gün üçünji tapgyryň oýunlaryna badalga berler.

28-nji noýabrda geçirilen oýunlaryň netijeleri:

  • «G» toparça. Kamerun — Serbiýa 3:3
  • «H» toparça. Koreýa Respublikasy — Gana 2:3
  • «G» toparça. Braziliýa — Şweýsariýa 1:0
  • «H» toparça. Portugaliýa — Urugwaý 2:0

29-njy noýabrda geçiriljek oýunlar:

  • «A» toparça. Ekwador — Senegal — 20:00
  • «A» toparça. Niderlandlar — Katar — 20:00
  • «B» toparça. Eýran — ABŞ — 00:00
  • «B» toparça. Uels — Angliýa — 00:00
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň