Suwda pökgi oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

10:1829.11.2022
0
10757

Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda suwda pökgi oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu barada «Türkmen sporty» gazeti habar berýär.

Ýaryş Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň suw sport toplumynda guraldy. Bu ýaryşda Aşgabat şäheriniň «Aşgabat-I» we «Aşgabat-II», Lebap welaýatynyň «Lebap-I» we «Lebap-II», şeýle hem Mary welaýatynyň «Mary-I» we «Mary-II» toparlary öz aralarynda güýç synanyşdylar.

Birnäçe gün dowam eden ýaryşda ezber türgenler öz ussatlyklaryny we taýýarlyklaryny görkezdiler.

Aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşda Mary welaýatynyň «Mary-I» topary garşydaş toparlardan üstün çykyp, baýrakly orna mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň «Lebap-I» topary bolsa ýaryşyň jeminde sekiz utuk toplap, ikinji orna mynasyp bolmagy başardy. Üçünji orny bolsa tälimçi Rahman Kulowyň ýolbaşçylygyndaky «Aşgabat-I» topary eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň