Soňky habarlar

Arhiw

«Parmanyň ýüregi» rus prokatynda sekizinji gezek öňdeligi saklaýar

09:4229.11.2022
0
10841
«Parmanyň ýüregi» rus prokatynda sekizinji gezek öňdeligi saklaýar
Surat: irk.kp.ru

Rus kinorežissýory Anton Megerdiçýewiň «Parmanyň ýüregi» atly täze filmi eýýäm sekizinji gezek ýerli prokatda öňdeligi elden bermän gelýär, bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Geçen dynç alyş günleri film 33 million rubl kassa ýygymyny toplady we onuň häzirki güne çenli gazanan kassa ýygymlary 870 million rus rublundan hem geçdi.

Russiýanyň prokatynda ikinji orunda gazak kinoçylarynyň «Gelin jan» filmi (30 million rubl), üçünji orunda «Pýotr I: Soňky patyşa we ilkinji imperator» atly dokumental film barýar, soňky film geçen hepdede 26 million rubl toplap, jemi kassa ýygymlary 236 million rubla deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň