Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşdäki öňdebaryjylygy beýleki döwletlere nusga

22:5131.05.2015
0
6846

Temmäki ulanylmazlygynyň Bütindünýä güni. Türkmenistanda bu halkara wakasy bilen baglanyşykly maý aýynyň dowamynda onlarça çäreler, maslahatlar we duşuşyklar, sport bäsleşikleri geçirildi, şeýle hem ýörite teleradio gepleşikler, metbugat sahypalarynda makalalar taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde jemleýji maslahat geçirilýär. Oňa temmäkä garşy edaralara utgaşdyryjy komiteta girýän dürli ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde şu aýda geçirilen işleri seljermek, şeýle hem “Temmäkiden azat gurama” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak göz öňünde tutulýar. bu ýerde şu günler Türkmenistanda bolýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara bilermenleriniň bahalary hem mälim ediler.

Temmäki ulanmazlygyň Bütindünýä gününiň öňüsyrasynda BSGG-nyň ÝSB-nyň temmäkä gözegçilik meýilnamasyna gözegçilik boýunça utgaşdyryjysy Krestina Mauer-Ştender internet-maslahat görnüşinde türkmen hususan-da, şeýle diýdi:

“2000-nji ýyldan başlap Türkmenistan temmäkä garşy göreşde uly öňegidişlikleri gazandy. Siziň ýurduňyz 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurduň derejesine ýetmek wezipesini öňde goýdy, munuň özi bolsa ilatyň 5 göterimden köp bolmadyk bölegi çilimkeşler diýmekdir.

Ýurtda soňky bäş ýylyň içinde temmäki ulanylmagy gadagan edýän we oňa garşy göreş çärelerini öz içine alýan Kararlardyr resminamalar kabul edildi... Munuň özi miwesini hem berdi. 2013-nji ýylda geçirilen milli barlaglar Türkmenistanyň uly ýaşly ilatynyň diňe 8 göteriminiň çilim çekýändigini mälim etdi. Bu san diňe bir BSGG-nyň Ýewropa sebitinde däl, eýsem, bütin dünýäde hem çilimkeşligiň iň pes derejesidir...”

diýip, BSGG-nyň Ýewropa sebiti býurosynyň temmäkä gözegçilik meýilnamasynyň utgaşdyryjysy Krestina Mauer-Ştender belledi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň temmäkä garşy göreşe goşýan uly şahsy goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite buýrugyna mynasyp bolandygyny hem bellemek gerek. Bu baýragy resmi taýdan gowşurmak dabarasyna gatnaşmak üçin geçen ýylyň iýunynda BSGG-nyň Baş direktory Margeret Çen Türkmenistanda bolupdy.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň