Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

22:4928.11.2022
0
16888
Raşid Meredow Ankarada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Surat: www.tccb.gov.tr

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iki günlük saparynyň çäklerinde, şu gün Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy diýip, «Anadolu» habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk Ankaradaky Prezident toplumynda geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Prezidenti bilen Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän üçtaraplaýyn sammitde serediljek meseleler ara alnyp maslahatlaşdy. Duşuşyga şeýle hem Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem gatnaşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen Türkmeniň daşary işler ministri Raşid Meredow Ankarada duşuşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň metbugat ýygnagy geçirilip, onda Mewlüt Çawuşoglu 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä saparynyň meýilleşdirilýändigini, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegine garaşylýandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy boljakdygyna we ýakyn wagtda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň Türkmenistanda geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň