Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

22:1928.11.2022
0
19121
Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Surat: vb.kg

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Baştutanynyň kabul etmegini özi üçin uly mertebe hasaplaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň Türkmenistanyň bu halkara guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyna hem-de ýurduň dünýäde türki halklaryň örän baý medeni mirasyny wagyz etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de oňa alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany bu halkara gurama bilen alnyp barylýan, taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýän halklaryň arasynda dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda, medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy barlaglar, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglykda, geljek ýyl belleniljek TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek baradaky meselä hem garaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy barada aýdyp, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryna hem-de onuň üsti bilen guramanyň hemişelik Geňeşine 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň taryhy Änew şäherini bolsa şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada çözgüdiň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary netijeli duşuşyk üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň diňe bir türki dünýäniň däl-de, tutuş dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga netijeli çemeleşmeleri görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, munuň özi umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de sebit we ählumumy derejede netijeli medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň