Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky türk kompaniýalarynyň maýa goýumlary ýarym milliard dollara golaýlady

20:4628.11.2022
0
12225
Türkmenistandaky türk kompaniýalarynyň maýa goýumlary ýarym milliard dollara golaýlady

Türkiýäniň kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýumlarynyň möçberi ýarym milliard dollara golaýlady. Bu barada Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň Ankarada geçirilen duşuşygyndan soňky metbugat ýygnagynda mälim edildi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdi.

— Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýyl 45 göterim ýokarlap, 2 milliard dollardan geçdi — diýip, Çawuşoglu aýtdy. Şeýle hem ol özara söwdanyň ösüşiniň 5 milliard dollar derejesine ýetmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň maýa goýumlarynyň mukdary ýarym milliard dollara golaýlady.

Bulardan başga-da, Çawuşoglu metbugat ýygnagynda türk potratçylary tarapyndan durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalarynyň sany boýunça Türkmenistanyň Russiýadan soň ikinji ýerde durýandygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň