Soňky habarlar

Arhiw

Soltanbaý Raýew: «Däp-dessurlar milli medeniýetde aýratyn orun tutýar»

18:5828.11.2022
0
21141

Türki döwletleriň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Soltanbaý Raýew, şu gün Aşgabatda geçirilýän «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda medeni däp-dessurlary goramagyň möhümdigini aýtdy.

TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy: «Biz, türk dünýäsiniň halklary, ata-babalarymyzdan gymmatly mirasy — ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary miras aldyk» diýdi.

Soltanbaý Raýew TÜRKSOÝ-yň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kararlary barada hem belläp geçdi. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, bu maglumatlaryň Türkmenistanyň dünýäde türkmen halkynyň ruhy mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen medeniýet pudagynda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Türkmenistan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek, türk halklarynyň bahasyna ýetip bolmajak medeni däp-dessurlaryny gorap saklamak, öwrenmek we geljek nesillere geçirmek işinde oňyn netijelere goşant goşýar.

Soltanbaý Raýewiň bellemegine görä, bu işler Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatda hem öz beýanyny tapdy. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy ýokary guramaçylygy we myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň