Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» HK tikinçileriň we keşdeçileriň hünär bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

17:4928.11.2022
0
23099

«Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly Aşgabat bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda türkmen paýtagtynyň Köpetdag etrabyndan «Mähirli Zenan» hususy kärhanasy birinji orna mynasyp boldy.

25-nji noýabrda «Aşgabat» myhmanhanasynda milli zenan we çaga moda egin-eşiklerini döredijileriň gözden geçirilişiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa şäheriň her etrabyndan üç sany tikinçilik kärhanasy gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, tikinçiler bir sagadyň dowamynda köýnek tikmek we 5 minudyň dowamynda wekilçilik edýän tikinçilik kärhanasynyň döredýän milli egin-eşileriniň aýratynlyklary barada gürrüň bermek başarnyklary boýunça özara bäsleşdiler, şeýle-de milli keşdeçilik sungatyna bagyşlanan şygyrlary ýa-da beýleki çeper eserlerden parçalary ýerine ýetirmek boýunça ukyplaryny görkezdiler.

«Mähirli Zenanyň» dizaýnerleriniň we hünärmenleriniň ýiti zehini hem-de ussatlygy olara Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem geçirilýän dürli derejeli moda gözden geçirişlerine, bäsleşiklere we sergilere gatnaşmaga mümkinçilik döredýär.

Ýatlatsak, «Zenan kalbyndan dörän nepislik» bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanyp guraldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň