Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada suw süýşgünlerinde 10-dan gowrak adam dereksiz ýitdi

16:1928.11.2022
0
12992
Italiýada suw süýşgünlerinde 10-dan gowrak adam dereksiz ýitdi
Surat: gismeteo.ru

Italiýanyň günortasyndaky Iskýa adasynda suw süýşgünlerinde 10-dan gowrak adam dereksiz ýitdi diýip, «Habar 24» ýazýar. Bir adamyň pida bolandygy, 13 adamyň şikes alandygy belli boldy.

Suw süýşgünlerine çabga ýagynlary sebäp boldy, onlarça öý ýumruldy. Heläkçilik zolagyndan eýýäm 200-den gowrak adam göçürildi. Halas edijileriň işine ýaramaz howa şertleri päsgel berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň