Argentina benewşe güllere beslendi

16:5728.11.2022
0
16249
Argentina benewşe güllere beslendi
Surat: fishki.net

Argentinada žakaranda baglary gülledi, bu täsin agaç ýurduň nyşany hasaplanýar. Onuň benewşe güllerini gören adam parhsyz geçip bilmez diýip, «MIR 24» ýazýar.

Surat: animalworld.com.ua

Buenos-Aýresiň köçeleri benewşe öwüsýär, žakarandanyň gülleri kindiwanja jaňjagazy ýatladýar, bu daragt bütin noýabrda gülleýär. Buenos-Aýresde bu günorta afrikan daragtynyň 15 müňe golaý düýbi bar, olar ýurda baryp XIX asyrda getirilipdir, şondan bäri žakaranda baglary şäheriň iň täsin gymmatlyklarynyň biri hasaplanýar.

«Men bu agaçlara bürenen şäheri söýýärin, olar diýseň ajaýyp. Maňa benewşe gülleri ýaraýar, jaýlaryň üçekleriniň benewşe güllere baslygyp oturyşyny synlap gözüň ganmaýar. Bu gülleriň köçelere şahadan tänip gaçyşy hakyky poeziýa ahbetin!» diýip, Buenos-Aýresiň ýaşaýjysy Elza Kardium gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň