Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Döwletara tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça geňeşiň mejlisine gatnaşdy

15:5728.11.2022
0
16912

Türkmenistanyň wekiliýeti Döwletara tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça geňeşiň 34-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlise Geňeşiň agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berilmegine görä, gatnaşyjylar Geňeşiň 2021-2022 möwsümindäki işiniň jemini jemlediler we hyzmatdaşlygy gowulandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem mejlisde GDA döwletleriniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar barada özara habar beriş gözegçiliginiň tertibine, Döwletara geňeşiň 2023-nji ýyldaky esasy wakalarynyň meýilnamasynyň taslamasyna, Geňeşiň çözgütleriniň ýerine ýetirilişiniň barşyna seredildi.

Duşuşykda Azerbaýjanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministriniň birinji orunbasary Rafail Halid oglu Mirzoýew Döwletara geňeşiň başlyklygyna saýlandy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň