Täjigistanyň 31-nji futbol çempionaty tamamlandy

10:0028.11.2022
0
7005

Täjigistanyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasynda 31-nji möwsüm tamamlandy. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Möwsümde altyn medala Duşenbäniň «Istiklol» futbol topary mynasyp boldy. Kümüş medaly «Rawşan», bürünç medaly bolsa «Hujand» futbol toparlary eýeledi.

Şeýlelikde, «Istiklol» indiki möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasynda, «Rawşan» (Kulýab) bilen «Hujand» bolsa AFK-nyň kubogynda ýaryşar.

«Istawşan» bilen Zafarabad şäheriniň «Rawşan» futbol toparlary ýokary ligada saklanyp bilmän, bir liga aşak düşdüler. Birinji ligadan bolsa Parhor şäheriniň «Hosiloty» we «Kuktoş» futbol topary indiki möwsümde ýokary ligada ýaryşar.

«Istiklolyň» 32 ýaşly hüjümçisi Manuçehr Jalilow karýerasynda dördünji gezek möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy. Ol möwsümde 16 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň