Ankarada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Liderleriniň sammitine taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşylýar

20:2727.11.2022
0
13283

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-28-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň çakylygy boýunça Ankarada saparda bolar.

Raşid Meredowyň sapary barada metbugat beýanaty ýekşenbe güni Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda çap edildi.

«Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn we sebitleýin meselelerden başga-da, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkiýe—Azerbaýjan—Türkmenistan döwletleriniň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine deslapky taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşylar» diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň