Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» möwsümde «Energetigi» 10:2 hasabynda ýeňdi

17:4327.11.2022
0
12571

Ýokary liganyň şu möwsüminde «Altyn asyr» bilen «Energetigiň» arasynda geçirilen duşuşyklarda jemi 12 pökgi geçirildi. Şol gollaryň 10-sy «Altyn asyra», diňe 2-si «Energetige» degişlidir: «Energetik» ― «Altyn asyr» ― 2:10.

Iki toparyň arasyndaky möwsümde ilkinji duşuşykda (1-nji tapgyr) «Altyn asyryň» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys. Aşgabatda geçirilen şol duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 65-nji minutda Myrat Annaýew geçiripdi.

8-nji tapgyrda Mary şäherinde geçirilen duşuşykda bolsa «Altyn asyr» has uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Bu gezek «aragatnaşykçylaryň» 5 goluna ýer eýeleri diňe bir pökgi bilen jogap berip bildiler. Begmyrat Baýowyň 6-njy we 24-nji minutlarda geçiren goşa golundan soňra, Myrat Annaýew bu duşuşygy hem boş geçirmedi. Ol 26-njy minutda «aragatnaşykçylaryň» üçünji golunyň awtory boldy. Şondan soň «Altyn asyr» 49-njy minutda Rahman Myratberdiýew, 63-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew (11 m.j.u.) bilen ýene iki pökgi geçirdi. «Energetik» bolsa bu gollara diňe 90-njy minutda Teýmur Çaryýew bilen jogap berip bildi.

«Altyn asyr» «Energetigi» 15-nji tapgyrda öz meýdanynda geçirilen duşuşykda hem 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu gezek ýeňiji toparda 30-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew, 75-nji minutda Begmyrat Baýow tapawutlandy. «Energetigiň» jogap pökgüsini bolsa 84-nji minutda Serdar Annamämmedow geçirdi.

22-nji tapgyrda «Altyn asyryň» myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys. Bu duşuşykda Arslan Saparow (8-nji minut) bilen Ahmet Nurmedow (17-nji minut) möwsümde «Energetigiň» derwezesinden ilkinji pökgüleri geçirip gördüler. Ahmet Nurmedowyň bolsa Ýokary ligadaky ilkinji goluny «Energetigiň» derwezesine geçirendigini aýratyn habar berýäris.

Şeýlelikde, Bagmyrat Baýow şu möwsümdäki «Altyn asyr» ― «Energetik» duşuşyklarynda iň kän tapawutlanan boldy boldy. «Altyn asyryň» futbolçysy möwsümdäki dört duşuşykda «Energetigiň» derwezesine üç pökgi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň