Türkmenistanyň ýörite sungat mekdepleriniň okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

15:3427.11.2022
0
22036

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwrebap bilimleri özleşdirmekde ölçegiň, metriň we ritmiň ähmiýeti» atly ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen sungat mekdepleriniň okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bu maslahata Türkmenistanyň sebitleriniň ählisiniň ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky paýtagtymyzdaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda saz biliminiň häzirki zaman ýörelgeleri we onda metriň we ritmiň ähmiýeti, sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy, saz ugrundan okatmakda kär ussatlygynyň tejribesi alşyldy.

Häzirki wagtda saz owazynda ritm, metr we temp ýaly özara baglanşykly düşünjeleriň sazlaşygyna uly üns berilýär. Saz işgärleriniň pikirine görä, ritm notalaryň uzynlygyna, temp – saz eseriniň çaltlygyna, metr bolsa – depginli we saldamly bölekleriniň çalşylmagyna degişlidir. Bir notanyň we beýlekisiniň arasyndaky uzynlygyň baglanşygyna ritm diýilýär. Ritmler dürli uzynlykdaky we güýçdäki notalaryň yzygiderliliginde ýerleşende eseriň metri kesgitlenýär we temp berilýär.

Maslahata gatnaşanlaryň çykyşlarynda «Saz teoriýasy dersinde ölçeg, metr we ritm», «Türkmen halk aýdym-sazlarynyň ritmiki aýratynyklary», «Tans sungatynda ritmiň ähmiýeti», «Türkmen halk aýdym-saz döredijiliginde metriň we ritmiň orny», «Solfejio dersinde ölçegiň, metriň we ritmiň üstünde işlemegiň usullary» we beýelki temalar beýan edildi.

Forumyň ikinji bölüminde Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň mugallymlary özboluşly ussatlar sapagyny we okuwçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny hem-de kär başarnygny ösdürmekde goldawa öwrülen açyk sapaklary geçirdiler.

Maslahatyň dowamynda muzeýde guralan sergide ýurdumyzyň köpugurly saz sungatyny ösdürmegiň taryhyna, onuň häzirki döwrüne, Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň aýdym-saz bilimini mundan beýlägem kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň