DÇ-2022: Polşa Saud Arabystanyndan üstün çykdy

20:5726.11.2022
0
15776

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynyň oýnunda Polşa Saud Arabystanyny 2:0 hasabynada ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Er-Raýan şäherindäki «Edýukeýşn siti» stadionynda geçirildi.

Polşanyň düzüminde Petr Zelinskiý (39) we Robert Lewandowski (82) tapawutlanmagy başardylar. Oýnuň esasy wakalarynyň ýene biri hökmünde birinji ýaryma emin tarapyndan goşulan minutlarda Saud Arabystanynyň ýarymgoragçysy Salim Muhammed al-Dawsariniň penaltini dürs ýerine ýetirip bilmändigini görkezmek bolar.

Şeýlelikde, ýeňişden soňra Polşa utuklaryny 4-e ýetirip, toparçada birinji orna göterildi. Saud Arabystany bolsa 3 utuk bilen ikinji orna ýerleşdi. Toparçada ikinji tapgyryň beýleki gapma-garşylygy şu gün 23:45-de başlanar. Onda Argentina Meksika bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň