“Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady

10:0530.05.2015
0
1703

29-njy maýda Mary welaýatynyň merkezinde “Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Welaýat kitaphanasynyň maslahatlar zalynda onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabarada bu möhüm forumyň işiniň jemleri jemlendi.

Günüň birinji ýarymynda gadymy türkmen şäheri bolan Marynyň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde geçirilen maslahata gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler.

Bu ýerde myhmanlar üçin türkmen durmuşyny  şöhlelendirilýän özboluşly uly bolmadyk etnografiki sergi guraldy. Myhmanlar  zenanlarymyzyň tamdyrda  çörek bişirişlerine, şeýle hem  meşhur  pişmäniň taýýarlanylyşyna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Sazandalar gopuzda saz çalyp, ussat zenanlar bolsa özleriniň döreden ajaýyp nagyşlaryny görkezip, dabara özboluşly öwüşgin çaýdylar. 

 “Gadymy Merw-türki dünýäsiniň medeni merkezi”  atly halkara ylmy maslahatyň jemini jemläp, oňa  gatnaşyjylar şeýle halkara ylmy maslahatlaryň taryhy we dili umumy bolan halklary ýakynlaşdyrýandygyny, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, doganlyk halklaryň medeni we  ruhy mirasyny  giňden wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň