Arhiw

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wengriýa iş toparynyň birinji mejlisi geçiriler

09:5030.05.2015
0
2324

Şu ýylyň 3—4-nji iýunynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wengriýa iş toparynyň birinji mejlisi geçiriler.

Iş toparynyň mejlisinde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň gelejegi bilen baglanyşykly meselelere garalar. Şeýle hem energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň Wengriýa tarapynyň teklipleri nazara alnyp taýýarlanan Protokolynyň deslapky taslamasy Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan ylalaşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň