Soňky habarlar

Arhiw

Urumçide on adam ýangynyň pidasy boldy

11:5726.11.2022
0
25284
Urumçide on adam ýangynyň pidasy boldy
Surat: fbcnews.com.fj

Düýn giçlik Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynyň Urumçi şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýynda dörän ýangynda on adam heläk boldy diýip, «Habar 24» saýty habar berdi.

Heläkçilik ýerli wagt bilen agşam sagat 8-de boldy, aradan 3 sagada golaý wagt geçensoň, ýangyny söndürmek başartdy. Zäherli tüsseden ejir çeken ýaşaýjylar hassahana eltildi. Olaryň onusyny halas etmek başartmady, ýene-de dokuz adam bejergi alýar, olaryň janyna howp abanmaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň