Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gölleriniň nepisligi halaç halylarynda

10:3926.11.2022
0
37328

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti milli gölleriň we nagyşlaryň köpdürli görnüşleri bilen bezelen özboluşly halaç halylaryny sargyt esasynda dokap berýär.

Ene-mamalarymyzdan miras galyp, nesilden nesle dowam etdirilip gelýän haly gölleri — bu diňe bir bezeg bolman, eýsem halkyň asyrlara siňen şöhratly taryhydyr. Mälim bolşy ýaly, ýurduň dürli sebitinde ýaşaýan halkyň tire-taýpasyna görä tapawutlanýan gölleri bardyr. Mysal üçin, «guşly», «pendi», «gabsa», «keýik» we beýlekiler.

Hojalykda ulanylýan dürli hili haly üçin, goý ol halyça ýa-da namazlyk, kilim ýa-da haly bolsun, halaçly halyçylar olaryň göllerini köpdürli görnüşlerdäki reňkler bilen dokamagy teklip edýärler.

Mysal üçin, ahalyň «guşly» göli — senenamany alamatlandyrýar. Dört bölekden ybarat bolan bu göl hakykatdanam her birinde üç aý bolan ýylyň pasyllaryny görkezýär. Sary we ak reňkler bilen Gün hem-de Aý beýan edilýär, gyralarynda bolsa gündiz hem-de gije alamatlandyrylýar.

Balkanlylaryň iň bir meşhur göli bolan «gabsa» göli deňiz guşuny we gaýygy alamatlandyrýar, bizi gurşap alýan tebigaty aňladyp, ynsanyň onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyna itergi berýär.

Lebap welaýatynyň baý haýwanat dünýäsi «keýik» gölüniň ajaýyplygynda şöhlelenýär. Maşgala ojagynyň we ak öýüň bezegi bolsa Marynyň «pendi» gölünde beýanyny tapýar.

Örän sünnälenip, mähir-yhlas siňdirilip dokalan bu hili milliligiň beýany bolan halylara Ýer ýüzüniň islendik künjeginde gabat gelmek bolýar. Olaryň çeperçiligi ähli görenleriň ünsüni çekýär, özüne maýyl edýär.

Halyçylyk sungatynyň ajaýyp eserleriniň muşdaklarynyň, bilermenleriň halaçly halylaryň elinden çykýan halylara ýokary baha berjekdigi ikuçsuzdyr. Eýsem, Halajyň halylarynda ýokary hillilik ilkinji orunda goýulýar.

Lebap welaýatynda ýerleşýän «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň halylary 100% tebigy ýüňden elde dokalýar. Bu ýerdäki haly önümleri berkligi hem-de uzak möhlete hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýar. Arassalamak işleriniň dogry geçirilen ýagdaýynda bu halylary 30 ýyldan 50 ýyla çenli aralykda ulanmak bolýar.

Özbaşdak sargyt esasynda dokalan halaç halylaryny şu telefon belgiler arkaly ýüz tutmak bilen satyn alyp bolýar: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Mundan başga-da, halylary turkmen-carpets.com resmi web saýtyndan hem-de sosial media ulgamyndaky hasabyndan sargyt edip almak bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň