Soňky habarlar

Arhiw

Peskow: Tokaýew ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrar

10:3626.11.2022
0
18578
Peskow: Tokaýew ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrar
Surat: kapital.kz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýa resmi sapar bilen barar, bu onuň döwlet Baştutanlygyna gaýtadan saýlananyndan soňra ilkinji daşary ýurt sapary bolar.

«Report.az» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat-kätibi Dmitriý Peskow habar berdi.

Sapar wagtynda iki ýurduň Prezidentleri gepleşikleri geçirerler, iş ertirligi wagtynda gürrüňdeş bolarlar hem-de bilelikdäki resminamalara gol çekerler.

«Bu ikitaraplaýyn rus-gazak gatnaşyklary üçin wajyp sapar bolar» diýip, Peskow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň