Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň bilelikdäki işewürler geňeşi dörediler

23:4525.11.2022
0
20522

Bu babatda edilýän teklip hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň netijeleri baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu saparyň barşynda Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda degişli şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem-de bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek we onuň birinji mejlisini 2023-nji ýylda geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliginden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň BAE-niň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen geňeşmelerini, maslahatlaşmalaryny guramak teklip edilýär.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirliklerine şu saparyň netijeleri boýunça Hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň 13-sine, şeýle-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça resminamalaryň 8-sine gol çekildi.

Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Abu-Dabide Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek, şeýle-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen «Ýol kartasyny» taýýarlamak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen köp sanly resminamalaryň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, şolar döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam bermelidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bar bolan köpugurly kuwwatyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri şertlendirýändigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň