DÇ-2022: Katar bu gezek Senegaldan ýeňildi

20:1225.11.2022
0
20810

DÇ-2022-niň ýer eýesi Katar ikinji duşuşykda hem ýeňlişe sezewar boldy. Bu gün Senegalyň ýygyndysyna garşy meýdança çykan Katar 3:1 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi. Senegala ýeňiş getiren gollar Dianyň (41), Dedunyň (48) hem-de Dengiň (84) adyna ýazyldy. Kataryň ýeke-täk jogap topuna Muntari (78) awtorlyk etdi. Şeýlelikde, Senegal hem bu ýylky mundialda ýeňiş gazanan, hem-de dünýä çempionatlarynyň taryhynda ýer eýesinde üstün çykan ilkinji Afrikanyň wekili boldy. Katar bolsa dünýä çempionatlarynda toparçada iki ýeňlişe sezewar bolan ilkinji ýer eýesi hökmünde taryha girdi.

Ýeňişden soň Senegal utuklarynyň sanyny 3-e ýetirip pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçiligini saklap galdy. «A» kwartetinde ikinji tapgyryň beýleki oýny 21:00-da Niderlandlar bilen Ekwadoryň arasynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň