Arhiw

Serbiýa garaly içgisini ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürleýär

17:0725.11.2022
0
19256
Serbiýa garaly içgisini ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürleýär
Surat: womanadvice.ru

ÝUNESKO geljek hepdede Serbiýanyň ýüztutmasy boýunça garalydan ýasalýan içgini Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak meselesine garamakçy. Guramanyň resminamasynda Belgradyň bu içginiň önümçiligi hem-de taýýarlanyşy boýunça serb milli däpleriniň ykrar edilmegini towakga edýändigi bellenýär, ýeri gelende aýtsak, garalydan taýýarlanýan içgi Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynyň birgideninde milli gymmatlyk hasap edilýär diýip, «Euronews.com» saýty ýazýar.

Bu içginiň serb medeniýetinde aýratyn orny barada ýerli sosiolog Iliýa Malowiç şeýle düşündirýär: «Garaly içgisiniň meşhurlygy onuň taýýarlanýan miwesi bilen baglydyr. Garaly serb taryhynda, etnologiýasynda we gündelik durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Serbler garalydan özge hiç bir miwe bilen şeýle aýrylmaz bagly däldir. Birwagtlar ata-babalarymyz öý gurjak bolanlarynda, ilki garaly agajyny ekipdirler, eger ol miwe getirse, jaý gurup başlapdyrlar, sebäbi olar garaly biten topragy arassa, sagdyn, hatda mukaddes hem saýypdyrlar».

Belgradyň ýüztutmasy boýunça çözgüt ilki Rabatda her ýyl geçýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara geňeşiň ýygnagynda kabul edilmeli. Öň serb garaly içgisi Ýewropa Bileleşiginde goralýan geografiki gelip çykyşly brendi içgisiniň bir görnüşi hökmünde aýratyn güwänama alypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň