«Bloomberg»: Britaniýada towuk ýumurtgasy gytlyk edýär

13:2625.11.2022
0
17637
«Bloomberg»: Britaniýada towuk ýumurtgasy gytlyk edýär
Surat: inbusiness.kz

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjylary towuk ýumurtgasynyň gytlygyny başdan geçirýärler, häzirki wagtda bu önüm iri supermarketleriniň käbiriniň tekjelerinden ýitirim boldy. Muňa ABŞ-da we Ýewropada guş dümewiniň peýda bolmagy netijesinde öý guşlarynyň köpçülikleýin çäklendirilmegi sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berdi.

Habarlar gullugy geçen oktýabr aýynda ýumurtganyň bahasynyň ABŞ-da azyk hümmetsizlenmesiniň başyny çekendigini, Wengriýada bolsa häkimiýetleriň bu önümiň nyrhyna çäklendirme girizmäge mejbur bolandygyny ýazýar.

Bilermenler emele gelen ýagdaýa azyk harytlarynyň umumy hümmetsizlenmesiniň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Muňa şeýle-de towuk ýumurtgasyna möwsümleýin islegiň artmagy hem täsir edýär, gyşyna onuň bahasy Roždestwo baýramy bilen baglylykda, gymmatlaýar.

Gytlygyň sebäpleriniň ýene biri hökmünde ýumurtga önümçiliginiň özboluşlylygy bilen baglylykda üpjünçiligiň möçberlerini artdyrmagyň kyn düşýändigi görkezilýär, bu barada Fermerleriň milli birleşiginiň guşçulyk boýunça britan geňeşiniň başlygynyň orunbasary Fill Krouli aýdýar.

«Daily Mirror» neşiriniň habaryna görä, ýurtda ýumurtganyň bir gutusynyň bahasy 22 göterim gymmatlapdyr, käbir dükanlar bolsa ýagdaýdan çykalga hökmünde adam başyna bir gutudan artyk ýumurtga bermezlik kararyna geldi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň