Russiýa bilen GDA ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 7 göterim artdy

11:2025.11.2022
0
14710
Russiýa bilen GDA ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 7 göterim artdy
Surat: irk.ru

Russiýa Federasiýasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Dmitriý Wolwaç üstümizdäki ýylyň geçen 9 aýynda ýurduň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen haryt dolanyşygynyň 7 göterim artyp, 73 milliard dollara deň bolandygyny habar berdi.

Haryt dolanyşygynyň agramly bölegi, esasan, Russiýanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň üçüsiniň— Belarusyň, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň paýyna düşýär.

«Ýagny haryt dolanyşygynyň möçberleri: Belarus — 31 mlrd dollar (ösüş 9 göterim), Gazagystan— 20 mlrd (ösüş 9 göterim) we Özbegistan — 6 mlrd dollar (ösüş 36 göterim) boldy» diýip, Wolwaç GDA agza döwletleriň Sebitara we serhetüsti hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ýygnagynda çykyş edende aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ministriň orunbasary şeýle-de Russiýanyň sebitleri bilen GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça geleşikleriň 400 töwereginiň hereket edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Noýabryň başynda RF-niň Premýer-ministri Mihail Mişustin halkara gatnaşyklary ulgamyny özgertmek barada tagallalary çaltlandyrmagynyň çäklerinde Russiýanyň beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigini nygtapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň