Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda «Köpetdag» uly hasap bilen ýeňiş gazandy

10:2925.11.2022
0
14037

Naýbaşy liganyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 120-den geçiren «Köpetdag» futzal topary Daşoguz şäherinde bolan 22-nji tapgyryň duşuşygynda «Ahaly» 10:2 hasabynda ýeňdi. Bu bolsa tapgyryň iň uly hasaply ýeňşidir.

Şeýlelikde, 22 tapgyrda 57 utuk ýygnan «Köpetdag» «Deňizçi» bilen bilelikde ýaryşyň başyny çekýär. 12 utukly «Ahal» bolsa iň soňky orundaky «Milli goşundan» bary-ýogy 2 utuklyk we bir basgançaklyk tapawut bilen öňde.

23-nji tapgyrda «Köpetdag» çempionlyk üçin esasy garşydaşy bolan «Deňizçi» bilen güýç synanyşar. Bu duşuşyk 5-nji dekabr güni Aşgabat şäherinde geçiriler. Şol gün «Ahal» möwsümiň bürünç medaly üçin göreşýän «Gümrükçi» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň