Soňky habarlar

Arhiw

«Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

20:0624.11.2022
0
9096

Şu gün «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde guramagynda «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy maslahaty açmak bilen ýaşlara maşgala mukaddesligi, maşgalanyň mizemez agzybirligi ýaly gymmatly düşünjeleri terbiýelemekde, zenanlaryň asyrlaryň dowamynda görkezip gelýän nusgalyk görüm-göreldesi barada gürrüň etdi. Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň we eneleriň çykyşlaryna giň orun berildi.

Duşuşykda çykyş edenler sagdyn we giň gözýetimli nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işlerde zenanlaryň abraýly orny barada durmuşy mysallara salgylanyp gürrüňler edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň