Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Şweýsariýa Kameruny minimal hasapda ýeňdi

17:3324.11.2022
0
31412

Biraz ozal DÇ-2022-niň «G» toparçasyndan orun alan ilkinji oýun — Şweýsariýa — Kamerun gapma-garşylygy tamamlandy. Duşuşyk Şweýsariýanyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen gutardy. Şweýsariýa ýeňiş getiren topy 48-nji minutda asly kamerunly bolan Brel Embolo derwezä ýollady.

«G» toparçasynda birinji tapgyryň ikinji duşuşygy şu gün 23:55-de Braziliýa bilen Serbiýanyň arasynda geçiriler.

Indiki tapgyrda Kamerun Serbiýa bilen, Şweýsariýa bolsa Braziliýa bilen güýç synanyşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 28-nji noýabr senesinde geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde DÇ-2022-niň ähli oýunlarynda «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň