Daniýanyň futbolçysy üçin dünýä çempionaty tamamlandy

17:3324.11.2022
0
31453

Daniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Tomas Dileýni üçin dünýä çempionaty tamamlandy.

31 ýaşly futbolçy 1-nji tapgyrda Tunis bilen bolan duşuşykda şikes alyp, meýdany terk etmeli boldy.

«Sewilýanyň» futbolçysy milli ýygyndy bilen hoşlaşdy. Çünki onuň bejergisi dört hepdä çeker.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň