Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasy dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi barada o diýen oňyn bolmadyk çaklamany öňe sürdi diýip, «Habar 24» ýazýar.
Oňa görä, ykdysady ösüşiň pandemiýadan öňki derejesine ýetmegi diňe 2024-nji ýylyň aýagynda mümkin bolar, şoňa çenli bolsa harytlaryňdyr hyzmatlaryň nyrhlary ýokarlanmagyny dowam eder. Günbatar ýurtlarynyň aglabasynda hümmetsizlenmäniň derejesi ýylyň aýagyna çenli 8 göterimi düzer. Ýewropa häzir energiýa krizisi sebäpli, nyrhlaryň çalt gymmatlaýan merkezi bolmagynda galýar.
YHÖG-nyň bilermenleri Germaniýada we Birleşen Patyşalykda resessiýanyň (bütin ykdysadyýete täsir edýän we alty aýdan hem uzaga çekýän işewürlik işjeňliginiň pese gaçyşlygy, netijede, ilatyň girdejileriniň kemelmegi we işsizligiň artmagy— red.) döremek ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar, şunda dünýä ykdysadyýetinde diňe haýal ösüş hasaba alnar. Ýokary hümmetsizlenmäniň pes girdejili döwletlere has güýçli täsir etjekdigini nazara almak bilen, guramanyň ykdysadyýetçileri şeýle ýurtlara ilkinji nobatda oba hojalyk bazarlaryny halkara söwdasy üçin açyk saklamagy maslahat berýärler. Döwlet derejesinde bolsa, hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, ortaça möhletli maksatnamalary işläp düzmek maslahat berilýär.
Şunda kynçylyklardan çykmagyň ýollarynyň biri hökmünde pes galyndyly tehnologiýalara maýa goýmak ýerlikli bolar diýip, YHÖG-niň baş sekretary Matias Kormann aýdýar. Ol: «Dünýä resessiýasyny däl-de, 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlanan ykdysady ösüşiň haýallamagyny görýäris. Men dünýäde ykdysady ösüşiň örän pes boljakdygyny çaklaýaryn. Şeýle-de töwekgelçilikler ýaramaz bolar. Geljekde ýagdaýlar aňsat bolmaz» diýdi.