Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýanyň ýygyndysy soňky iki dünýä çempionatyna hem utulyş bilen girişdi

17:1324.11.2022
0
16897
Germaniýanyň ýygyndysy soňky iki dünýä çempionatyna hem utulyş bilen girişdi

Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bassyr ikinji gezek dünýä çempionatyna utulyş bilen başlady. Düýn nemesleriň Ýaponiýadan 1:2 hasabynda utulandygyny ýatladýarys.

Mundan dört ýyl ozal ― 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda hem nemes ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Meksikadan 0:1 hasabynda asgyn gelipdi. Olar şoňa çenli diňe 1982-nji ýyldaky mundialyň ilkinji duşuşygynda utulypdylar.

Ýene bir maglumat Germaniýanyň ýygyndysynyň dünýä çempionatlaryndaky soňky dört duşuşygynyň üçüsinde utulandygyny görkezýär. Dünýä çempionaty ― 2014-iň ýeňijisi Russiýa ― 2018-de Meksikadan soňra Koreýa Respublikasyna hem boýun egipdi.

Nemes ýygyndysy Katardaky ikinji duşuşygyny 27-nji noýabr güni Ispaniýa bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň