Soňky habarlar

Arhiw

Çempionyň yzyndan ýetmäge dyrjaşýan toparlar agzybirlik bilen öňdebaryja ýakynlaşmak mümkinçiligini elden giderdiler

23:5829.05.2015
0
3220

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň nobatdaky “Hazyna” — “Şagadam” we “Ahal” — “Merw” duşuşyklary garaşylmadyk netije berdi. Iki oýun hem bir wagtda başlandy. Netijede janköýerler ýeňil bolmadyk ýagdaýa düşdüler: eýsem, haýsy duşuşyga gitmeli?

Milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän “Hazyna” birinji aýlawda myhmançylykda geçen möwsümiň bürünç medalynyň eýesini 1:2 hasabynda ýeňipdi. Şonuň üçinem hünärmenleriň köpüsi has tejribeli “Şagadam” bu gezek doly haklaşyp, ahmyrdan çykar diýip hasaplaýardylar. Ýöne duşuşyk düýbünden başga netije berdi.

Arakesmä 11 minut galanda “Hazynanyň” iň tejribeli we netijeli oýunçysy Guwanç Abylow hasaby açdy we şu möwsümdäki 7-nji goluny geçirdi. 63-nji minutda myhman toparyň futbolçysy Begenç Guldurdyýew öz ussatlygyny görkezip, hasaby deňledi. Ýaş tälimçi Ahmet Agamyradowyň toparyna ýeňiş getiren pökgini bolsa 82-nji minutda jerime urgusyndan Azatberdi Tagandurdyýew geçirdi.

Şeýlelikde, şu möwsümde “Hazynadan” iki gezek ýeňlen “Şagadam” dört oýunlyk ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzüp, öňdäki orna çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

Çempionlyga dalaş edýän “Ahal” hem “Merw” bilen 1:1 oýnap wajyp utuklary ýitirdi. Ahallylar 13-nji minutda 11 metrlik urgudan hasaby açdylar. Geçen möwsümiň iň netijeli hüjümçisi Mämmedaly Garadanow tapawutlandy. Ýöne myhmanlara duşuşygyň esasy wagtynyň ahyrky minutlarynda hasaby deňlemek başartdy. Jemşit Orazmuhammedow çep gyradan jerime meýdançasyna girip, pökgini aşakdan derwezäniň sag tarapky burçuna gönükdirdi.

Milli çempionatyň 14-nji tapgyry 30-njy maýda “Altyn asyr — HTTU” we “Daşoguz” — “Aşgabat” duşuşyklary bilen tamamlanar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Hazyna" – "Şagadam" – 2:1 (1:0)

29-njy maý. Aşgabat. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Guwanç Abylow 34, Azatberdi Tagandurdyýew 82 – Begenç Guldurdyýew 63.

Duýduryş alanlar: Watan Ataýew 68, Didar Durdyýew 83 – Hemra Amanmämmedow 43, Azat Garajaýew 81.

Emin: Resul Ereşow.

Gözegçi emin: Wadim Baratow.

 

"Ahal" – "Merw" – 1:1 (1:0)

29-njy maý. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 250 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Mämmedaly Garadanow 13 (11 metrlik urgudan) – Jemşit Orazmuhammedow 90.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Allaberen Sapaýew.

30-njy maýa çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi 

Iň köp pökgi geçiren oýunçylar:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 17 pökgi  (2 – 11 mertlik urgudan).

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 13.

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 11 (5).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň