Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar ligasy: ýekşenbe güni 12-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

16:4624.11.2022
0
16987

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýty arkaly Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň 27-nji noýabrda geçiriljekdigini habar berdi.

Şol gün gündiz sagat 12-de başlanjak duşuşykda «Altyn asyryň» ýaşlary «Merwiň» ýaşlar düzümini kabul eder. Bu duşuşyk Büzmeýin etrabyndaky Sport toplumynda geçiriler.

Bu duşuşykdan bir ýarym sagat soň Balkanabat şäherinde «Nebitçi-2» ― «Aşgabat-2» duşuşygy başlanar. 14:30-da bolsa «Enegetigiň» «Şagadamyň» ýaşlar düzümleriniň arasyndaky duşuşyga badalga berler. Bu duşuşyk Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçiriler.

Tapgyr «Aşgabat» stadionynda sagat 15-de başlanjak «Ahal-2» ― «Köpetdag-2» duşuşygy bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň