Soňky habarlar

Arhiw

Şwesiýanyň supermarketlerinde gök önüm ýetişdirilýär

17:1024.11.2022
0
18559
Şwesiýanyň supermarketlerinde gök önüm ýetişdirilýär
Surat: freightfarms.com

Şwesiýada gök önümler göni supermarketleriň özünde, ýagny «dik fermalar» diýilýän şahamçalarynda ýetişdirilýär, bu taslama ýerli startaplaryň birine degişlidir. Bu barada «Habar 24» neşiri habar berýär.

Şeýle fermalaryň esasy artykmaçlyklarynyň biri-de serişdeleri tygşytlamakdan ybaratdyr. Mysal üçin, ösümlikleri sowukdan goramak üçin goşmaça çykdajylar aradan aýrylýar, sebäbi gök önümler gidroponika, ýagny topraksyz ýetişdirilýär. Soňra olary ýörite küýzelere göçürýärler hem-de iýmitlendiriji maddalar bilen baýlaşdyrylan suw bilen suwarylýar. Şeýle fermalar eýýäm ýurduň supermarketleriniň 8-sinde bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň