Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Täjigistanyň Medeniýet günleri başlandy

18:3223.11.2022
0
16844

Şu gün Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji noýabra çenli, üç günläp dowam etjek Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, şeýle hem birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şu gün agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli bu ýerde dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleri, belli estrada ýyldyzlary konsert maksatnamasy boýunça çykyş etdiler.

Açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mukamlar köşgüniň giň foýesinde guralan sergide täjik halkynyň milli gymmatlyklary, senetçileriniň işleri, köp görnüşli sungat eserleri, şonuň bilen birlikde, bu halkyň baý ruhy dünýäsi, dostlukly ýurduň owadan tebigaty, häzirki zaman ösüşleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Ertir — 24-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde häzirki zaman täjik suratkeşleriniň şekillendiriş sungatyna degişi eserleriniň, neşir önümleriniň, ýurduň milli lybaslarynyň we aşhanasynyň surat sergisi bolar. Soňra «Aşgabat» kinoteatrynda Abror Zoiriň eseri esasynda döredilen «Awçynyň soňky awy» atly täjik filmi görkeziler.

Medeniýet günleriniň üçünji gününde — birigün günüň ikinji ýarymynda «Aşgabat» kinoteatrynda «Täjikfilm» tarapyndan surata düşürilen «Durmuş tansy» filminiň görkezilişi hem-de agşam Täjigistan Respublikasynyň sungat işgärleriniň çykyşlary bolar.

Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 25-nji noýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçiriler. Onda türkmen we täjik sungat işgärleriniň bilelikdäki konserti bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň