Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi

22:4522.11.2022
0
9917
Türkmenistanyň Prezidenti Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň maksatnamasyny Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Şeýh Zaýed metjidine baryp görmek bilen jemledi. BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Bu ýerde döwlet Türkmenistanyň Prezidentini metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň aramgähine baryp, aýat-töwir okalandan soňra, Serdar Berdimuhamedow metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Ýusef Al Obaidli belent mertebeli türkmen myhmanyna metjitde ýazylan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy we onda oturdylan äpet lýustralar barada giňişleýin gürrüň berdi. Serdar Berdimuhamedow metjidiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidine beýleki dinleriň wekillerine hem girmäge rugsat berilýändigi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Umumy meýdany 22 müň inedördül metre deň bolan metjidiň dört burçunda beýikligi 107 metre ýetýän dört sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir. Ol bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär.

Ýeri gelende bellesek, agramy 47 tonna bolan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy hem-de agyrlygy 12 tonna deň bolan dünýäniň iň uly lýustralarynyň biri Şeýh Zaýed metjidini bezeýär. Gurluşygy 12 ýyllap alnyp barlan bu metjit ýurduň ýaşaýjylarynyň we dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň