Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada ösümlik ýagyny ulag ýangyjy hökmünde ulanmaga rusgat berildi

13:5123.11.2022
0
15226

Fransiýanyň Senaty «ýaşyllaryň» awtoulaglarda ulanylan ösümlik ýagyny ýangyç hökmünde peýdalanmak barada teklibini goldady diýip, BFMTV teleýaýlymyna salgylanyp, «News.ru» saýty habar berdi. Emma ýangyjyň täze görnüşini adaty awtoulag eýeleri däl-de, aýratyn awtoparklar ulanyp bilerler.

Awtoulaglarda ýangyjyň bu adaty bolmadyk görnüşini peýdalanmak barada teklip bilen «Ýaşyllar» partiýasyndan bolan deputatlar çykyş etdiler, kanun taslamasy ilki Fransiýanyň Milli Geňeşi tarapyndan kabul edildi, emma senatorlar oňa garşy çykdylar. Soňra Senat bu mesele boýunça garaýşyny üýtgetdi.

Öň Beýik Britaniýanyň aprelde uçarlary ösümlik ýagynyň galyndylaryndan edilen ýangyç bilen üpjün etmek kararyna gelendigi habar berlipdi. Günbatar ýurtlarynyň Russiýadan satyn alýan energiýa serişdelerini azaltmaklyga bolan ymtylmalaryny hasaba alyp, Londonyň dünýäde eko-ýangyjy esasy eksport edijileriň biri bolmak mümkinçiligi bar.

Sebäbi eko-ýangyç uglerod basyşyny 70 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär we ol awiahereketlendirijileriň ähli kysymynda ulanmaga ýaramlydyr. Häzirki güne çenli SAF awiakompaniýasy şeýle ýangyç guýlan uçarlarda gatnawlaryň 360 müňüsini amala aşyrdy diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň